Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Şu gün, Aşgabat şäherine iş saparynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, R.Minnihanow duşuşygyň barşynda türkmen Liderine kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda Tatarystan aýratyn orny eýeleýär. Şeýle hem türkmen Lideri Tatarystanyň Prezidentine Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň Kazanda geçirilen mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Rustam Minnihanow öz gezeginde iki ýurduň Prezidentleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň sebit derejesinde has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýändigini belledi.
Ol bu babatda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerine minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiligimiziň bardygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ähmiýetini belläp geçdiler.