San Marino Ýewropada koronawirusy ýeňen ilkinji döwlet boldy

San Marino Ýewropada koronawirusy ýeňen ilkinji döwlet boldy

San Marino sanjymyň kömegi bilen koronawirusy ýeňmegi başaran ilkinji Ýewropa döwleti boldy. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasyna (RDIF) salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Respublikanyň häkimiýetleri şu ýylyň fewral aýynda Sputnik V sanjymynyň ulanylmagyny tassykladylar we San Marino bu sanjymy tassyklan 30-njy ýurt boldy. Soňky üç aýyň dowamynda San Marinonyň ilatynyň 74% -i kowide garşy ilkinji sanjymy aldy.
RDIF ýurtda ýokuşma iň ýokary derejesine ýetende - aprel aýynyň başynda hepdede 250 töweregi hadysa ýetendigini we 4-nji maýdan bäri ýurtda ýekeje-de koronawirus ýokuşmasynyň  hasaba alynmandygyny aýdýar. Umuman alanyňda, takmynan, 33 müň adam ýaşaýan San Marinoda pandemiýa başlaly bäri 5 müňden gowrak wirus ýokuşmasy hasaba alyndy.
Indi ýerli häkimiýetler ähli çäklendirmeleri aýyrýarlar. Respublikada wirus zerarly hiç kim pida bolmady. Hassahanalaryň koronawirus hassalaryny bejeriş bölümi bolsa ýapyldy. Ýakyn geljekde RDIF San Marino goşmaça sanjymlary bermäge taýyn diýip, çeşme belleýär.