Narpyzly çaýyň saglyga zyýanly taraplary aýdyldy

Narpyzly çaýyň saglyga zyýanly taraplary aýdyldy

​Iýmitlenmek boýunça hünärmen Selin Beýçman bedene zyýan berip biljek çaýlar barada aýtdy. Olaryň biri-de, narpyzly çaý bolup çykdy diýip, ferra.ru habar berýär.

​Hünärmeniň aýtmagyna görä, narpyzly çaýy ýygy-ýygydan içýän adamlar özleri hem bilmezden saglygyna zyýan ýetirýärler. Hakykatdanam, bu içginiň köp mukdary zäherli bolup biler. Galyberse-de, çaýyň düzüminde mentolyň (narpyzyň) agdyklyk etmegi adam bedeniniň termoregulýasiýasyna ýaramaz täsirini ýetirýär.
​Beýleki çaýlaryň arasynda has meşhur bolan limonly çaýyň hem howply taraplary bolup biler. "FAN" tarapyndan neşir edilen maglumatlara görä, bu içgide ftorid bar, şeýle-de onuň düzüminde kislotanyň derejesi ýokary bolup, bu ikisiniň birleşmegi dişiň çüýremegine we agyzda ýara döremegine sebäp bolup biler.