Neýmar “PSŽ” bilen täze şertnama baglaşdy

Neýmar “PSŽ” bilen täze şertnama baglaşdy

“PSŽ” hüjümçi Neýmar bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi diýip, sport-express.ru belleýär. 29 ýaşly braziliýaly oýunçy bilen täze şertnama dört ýyla niýetlenip, möhleti 2025-nji ýylda tamamlanýar. Şertnamanyň möhletini uzaldandan soň, Neýmar özüniň meýilleri bilen paýlaşdy.

“Men şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaldandygyma örän begenýärin. Men bu ýerde ýene dört ýyl galyp, klub taslamasynyň bir bölegi bolmaga, şeýle-de biziň iň uly arzuwymyzy amala aşyrmak, ýagny Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin synanyşyk etmäge diýseň şat.
Meniň galmagymyň esasy sebäbi hem bagtda. Ýagny, “Pari Sen-Žermeniň” bir bölegi bolmak bagty. Şeýle-de, elbetde, meniň klub bilen, oýunçylar, iň gowy tälimçi bilen ýakynlygym. Bu zatlar sizi topara has hem ynanmaga mejbur edýär. Men “Pari Sen-Žermeniň” taryhynyň bir bölegi bolanlygyma begenýärin we buýsanýaryn” – diýip, “PSŽ-niň” metbugat gullugy Neýmaryň sözlerini getirýär.

Neýmar 2017-nji ýylyň awgust aýynda “Barselonadan” “PSŽ-a” geçipdi. Onuň transfer bahasy 222 mln ýewro boldy. “PSŽ-niň” düzüminde Neýmar 112 oýna gatnaşyp, 85 gol geçirdi. Ol topar bilen bilelikde üç gezek Fransiýanyň çempionatyny, iki gezek Kubogy we ýurduň Super kubogyny utdy.