Apple 2023-nji ýylda ilkinji maýyşgak iPhone-y hödürlär

Apple 2023-nji ýylda ilkinji maýyşgak iPhone-y hödürlär

Meşhur analitik Ming Çi Kuo Apple kompaniýasynyň eplenýän gurluşlary haçan çykaryp başlajakdygy baradaky täze maglumatlar bilen paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, eýýäm 2023-nji ýylda maýyşgak ekrany bolan 8 dýuýmlyk iPhone-yň çykmagyna garaşmak bolar. Bu barada ferra.ru belleýär.

Bu gurluş QHD+ durulygy bilen OLED displeýine eýe bolar. Gurluş üçin displeýleri çykarmak bilen Samsung meşgullanar diýip, analitik habar berdi. Geljekki gurluşyň dizaýny we aýratynlyklary bolsa heniz belli däl.
Hünärmeniň pikiriçe, eplenýän smartfonlar islendik uly öndürijiniň flagman segmentiniň aýrylmaz bölegine öwrüler. Öňümizdäki ýyllarda hut şu görnüşli enjamlar köne flagman gurluşlaryny has täze görnüşler bilen çalşyrmaga ýardam berer. Häzirki wagtda bu smartfon segmentinde Samsung kompaniýasynyň liderdigine garamazdan, Apple kompaniýasynyň güýçli ekosistemasy we brend abraýy sebäpli, eplenýän iPhone bazarda artykmaçlyga eýe bolar.
Mundan başga-da, Kuo kompaniýanyň satuwyň ilkinji ýylynda 20 milliona çenli eplenýän iPhone-y satmagy meýilleşdirýändigini belledi.