Türkmen Lideri täjik kärdeşi bilen döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmen Lideri täjik kärdeşi bilen döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Emomali Rahmon türkmen Liderine kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýdyp, ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözläp tapmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şular bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.