Umman akymlarynyň tizligi we intensiwligi soňky 30 ýylda çaltlaşdy

Umman akymlarynyň tizligi we intensiwligi soňky 30 ýylda çaltlaşdy

Suw girdaplarynyň tizligi her on ýylda, takmynan, 5% ýokarlanýar. Bu barada «Populýarnaýa Mehanika» neşirine salgylanyp, sm.news habar berýär.

Umman girdaplary guşuň uçuş belentliginden görünýän suwuň üstündäki tegelek nagyşlara meňzeýärler. Olaryň diametri 10-dan 100 kilometre çenli bolup bilýär we olar umman aýlanyşygynyň aýrylmaz bölegidir. Olaryň maksady uglerod, duz we ýokumly maddalary garyşdyryp, ýyly hem-de sowuk suwlaryň ýerini üýtgetmekden ybarat. Şeýle-de, olar ummanyň ýagdaýyna ähli tarapdan täsir edýärler. Demirgazyk Amerikadaky Golfstrim, Ýuwaş ummandaky Kurosio akymy we Gündogar-Awstraliýa akymy iň belli umman girdaplary hasaplanylýar.
Alymlar 1993-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygyndaky hemra maglumatlaryny seljerdiler we umman girdaplarynyň ýagdaýynyň üýtgeýändigini anykladylar. Ýagny, olaryň tizligi on ýylyň içinde, takmynan, 5% ýokarlandy. Köp alymlar bu hakykatyň geljekki global ýylama barada duýdurýandygyny belleýärler. Iň uly üýtgeşmeler Ýuwaş ummanynda bolup, bu ummanyň ýylylygy we uglerody siňdiriş tizligine täsir edýär.
Umman girdaplary ýylylygyň, uglerodyň, boitanyň we ýokumly maddalaryň garyşmagyny we hereketini sazlamak bilen howada möhüm roly ýerine ýetirýär. Şonuň üçin, bu barlag geljekdäki howa üçin gaty täsirli bolup biler. Ýöne girdaplar ählumumy ýylylygyň howa çaklamalarynda, köplenç, hasaba alynmaýar: olar birneme kiçi bolup, bar bolan modellerde “görünmeýän” bolup galýarlar. Şeýlelik bilen, ýa-ha girdaplaryň täsiri howa çaklamalarynda göz öňünde tutulmaýar, ýa-da oňa pes baha berilýär.