Täze iPad Prо, iMac we AirTag. Apple täze önümlerini tanyşdyrdy

Täze iPad Prо, iMac we AirTag. Apple täze önümlerini tanyşdyrdy

20-nji aprelde agşam Apple täze önümlerini tanyşdyrdy. TmCars bu önümler barada jikme-jik maglumatlary dykgatyňyza ýetirýär.

Täze iPad Prо

 

  • M1 hususy prosessory
  • 11 we 12,9 dýumlyk diagonally ekranlar elýeterli edildi. 12,9 dýumlyk iPad Pro-da mini-Led displeýi oturdyldy. Ol has ýokary ýagtylygy we reňk sazlaşygyny üpjün edýär. Bu iPad Apple-iň şular ýaly displeýe eýe bolan ilkinji önümidir
  • bu gurluşlar 2 Tb ýatly öndüriler
  • 122 gradus obzor burçly 12 megapiksellik kamera. Center Stage täze funksiýasy kadrdaky adamlary yzarlamaga we şunuň bilen baglylykda, wideojaňa gatnaşyjylaryň ählisini sygdyrmak üçin obzor burçuny üýtgetmäge mümkinçilik berýär
  • Thunderbolt goldawly USB-C porty (täze tehnologiýa. Inteliň Apple bilen hyzmatdaşlykda işläp düzen bu interfeýsi daşky periferiýa enjamlaryny kompýutere maglumatlary ýokary tizlikde geçirmäge mümkinçilik berýär)
  • 5G modem (ýöne 5G modemsiz görnüşi hem bar)

 

Täze M1-li iMac

 

  • 24 dýumlyk diagonally Retina 4K displeýi (öňki modeliň diagonaly 21,5 dýumdy)
  • frontal kamera HD 1080 formatynda surata düşürýär
  • güýçlendirilen alty sany dinamika
  • dört sany USB-C porty, şolardan ikisi Thunderbolt  goldawly
  • täzelenen sowadyjy ulgam — enjam düýbünden sessiz işleýän iki sany uly bolmadyk wentilýator bilen enjamlaşdyrylan
  • ýedi reňk: sary, gyrmyzy, gyzyl, benewşe, ýaşyl, gök we nusgawy çal

Benewşe iPhone

 

Apple iPhone 12 we iPhone 12 mini smarfonlaryny benewşe reňkde çykardy. 2020-nji ýylda öndürilen görnüşlerinden şundan başga tapawut ýok.

Zatlary yzarlamak üçin AirTag enjamlary

 

AirTag — kiçeňräk tegelek metkalar bolup, olar Bluetooth LE, batareýa, dinamik we akselerometr bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu metkalar bilen «Lokator» programmasynyň üsti bilen işläp bolýar, şeýle hem olar Apple-iň beýleki enjamlary bilen sinhronizirleşýär. Bu trekerler, mysal üçin, goşuňy gözegçilikde saklamak üçin ulanylyp bilner. Bu metkany goşuňa berkidip, ony programmanyň üsti bilen kartadan yzarlap bolýar.

Apple TV4K

Täzelenen enjam A12 Bionic prosessoryna (iPhone XR we Xs-däki ýaly) eýe boldy. Şeýle hem onda HDR goldawy, iPhone-yň üsti bilen reňk berlişini sazlamak goldawy we täze pult bar.