BMW taryhyndaky rekord satuwy gazandy

BMW taryhyndaky rekord satuwy gazandy

BMW Group 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýädäki rekord satuwy barada habar berdi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda konsern 636 606 awtomobili müşderilere ýetirdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 33,5% ýokarydyr. Bu barada auto.mail.ru belleýär.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda BMW brendi 560 543 awtomobili müşderilere ýetirdi – bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 36,2% köpdür. Kompaniýa BMW X (246 068 awtomobil, +36,5%), BMW 3 seriýasynyň (+43,6%) we BMW 5 seriýasynyň (+43%) modelleriniň meşhurlygynyň artandygyny belleýär.
Mini brendi barada aýdylanda, 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 74 683 awtomobil müşderilere ýetirildi – bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 16,2% köpdür. Aýratynam, Mini Countryman meşhur boldy (ösüş 36%).
Kompaniýa gibridlere we elektromobillere bolan ýokary islegiň dünýädäki üstünlikli satuwa goşant goşandygyny belleýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli BMW müşderilere 100 müňden gowrak elektromobili ibermegi meýilleşdirýär. Bu wagta çenli dünýäniň ýollarynda konserniň azyndan 1 mln elektrikleşdirilen awtomobili bolmaly.
2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda BMW Group 70 207 gibrid we elektromobillerini satdy. Häzir kompaniýa BMW i3, BMW iX3 we MINI Cooper SE elektrik ulaglaryny satýar, bir ýylyň içinde bazara BMW iX we BMW i4 çykar.