Türkmenistanyň iberen dostluk ýüki Astrahana gelip gowuşdy

Türkmenistanyň iberen dostluk ýüki Astrahana gelip gowuşdy

Türkmenistandan iberilen ýük gämisi astrahan portuna dostluk ýüki ýüklenen konteýnerleri getirdi.

Astrahanyň gubernatorynyň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, ýüküň düzümine lukmançylyk enjamlary (bir gezeklik agyz-burun örtükleri, gorag nikaplary, lukmançylyk lybaslary we kombinezonlar), şeýle hem türkmen öndürijileriniň önümleri ýüklenen iki sany konteýner girdi, diýip RIA «Wolga» habar berýär.
Sebitiň saglygy goraýyş ministri Lekseý Spiriniň bellemegine görä, gelip gowşan harytlar koronawirus kesellileri bejermek bilen meşgullanýan saglygy goraýyş edaralaryna iberiler.

«Türkmenistan elmydama Astrahan oblasty üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr. Biz ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk edýäris. Bilelikdäki işiň meýilnamasy ýakynda Russiýa-Türkmen Hökümetara toparynyň Moskwada geçirilen mejlisinde gubernator Igor Ýurýewiç Babuşkin bilen maslahatlaşyldy» - diýip A.Spirin belledi.