Tramp täze saýtyny işe girizdi

Tramp täze saýtyny işe girizdi

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp aýaly Melanýe bilen bilelikde özüniň tarapdarlary üçin ABŞ-nyň 45-nji prezidentiniň täze web sahypasyny işe girizdi diýip, russian.rt.com habar berýär.

“Donald Trampyň edarasy “Amerika ilki” syýasatyny ösdürmek bilen, Tramp administrasiýasynyň ajaýyp mirasyny gorap saklamagy maksat edinýär. Raýat we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kömegi bilen Donald Trampyň edarasy ABŞ-nyň, hakykatdanam, beýik geljegini gurmaga umyt bildirýändigimiz üçin dürli gatlaklardan bolan amerikalylara maglumat, bilim bermäge we ruhlandyrmaga çalşar” – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Bu çeşme ulanyjylara ABŞ-nyň 45-nji prezidenti we onuň aýaly Melanýe bilen “pikirlerini paýlaşmaga” mümkinçilik berer. 45office.com saýty ýaňy işläp başlandygy üçin birneme kiçi bolup, Trampyň Ak öýdäki işiniň jemini jemleýän maglumatlary, şeýle-de tarapdarlaryň öňki prezidente teswir iberip, şahsy salamyny iberip ýa-da jübütleri çärä gatnaşmaga çagyryp bilmegi üçin niýetlenen sahypany öz içine alýar.
Ozal ABŞ-nyň öňki prezidentiniň hususy sosial ulgamyny döretmek üçin hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe programmalar bilen gepleşik geçirýändigi habar berildi.