Türkmenistanda 3 ugur boýunça şäherara awtobus gatnawlary dikeldilýär

Türkmenistanda 3 ugur boýunça şäherara awtobus gatnawlary dikeldilýär

1-nji aprelden başlap, Türkmenistanda synag hökmünde 3 ugur boýunça şäherara awtobus gatnawlary dikeldilýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.

«2021-nji ýylyň aprel aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de üç gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris» - diýlip, agentliginiň saýtynda bellenilýär.

Awtobuslaryň gatnaw tertibi agentligiň saýtynda getirilýär.
Ýolagçy gatnawlary arassaçylyk-öňüni alyş talaplaryny berjaý etmek şerti bilen amala aşyrylar.
Ýolagçylar COVID-19-yň otrisatel netijesi barada sapara gitmeginden 72 sagatdan giç bolmadyk möhletde ýaşaýan ýerinden alnan güwänamany görkezmeli. Yzyna gaýdylanda bu güwänama zerur däl.
Awtobus ýol ugrunda saklanmaz. Awtobusa münmezden öň, ýolagçylaryň temperaturasy ölçener, olaryň elleri zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalanar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň we «Türkmenawtoulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň işgärleri ýolagçylaryň bellenilen araçägi berjaý etmeklerine, şeýle hem agyz-burun örtüklerini dakynmaklaryna gözegçiligi amala aşyrarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.