Eýran uly nebit geçirijisini işe girizer

Eýran uly nebit geçirijisini işe girizer

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýakyn wagtda ýurda nebitiň köp bölegini Oman aýlagyndan eksport etmäge mümkinçilik berjek uly nebit geçirijisiniň işe giriziljekdigini aýtdy. Bu barada angi.ru habar berýär.

“Öňümizdäki aýlarda bize iki möhüm taslamany açmak gerek. Olaryň biri 1000 kilometr turba çekmegi öz içine alýan Gure-Jask nebit geçirijisidir, şonuň üçin biziň nebit eksportymyzyň köp bölegi Pars aýlagyndan Oman aýlagyna geçiriler” – diýip, Ruhani ýurduň erkin söwda zolaklarynda birnäçe infrastruktura obýektlerini we ykdysady taslamalary işe girizmek dabarasynda aýtdy.

Turba geçiriji günorta-günbatar Buşir welaýatynda ýerleşýän Gure nebit terminalyndan (Pars aýlagynyň kenarýakasynda) başlaýar we Eýranyň günorta-gündogaryndaky Jask port terminalyna (Oman aýlagynyň kenarýakasynda) çenli gidýär.
Hasan Ruhani turba geçirijiniň syýasy, howpsuzlyk we ykdysady nukdaýnazardan ähmiýetlidigini belleýär.
2 milliard dollarlyk taslama ýurda nebiti dünýäniň deňiz nebit söwdasynyň tas üçden biriniň geçýän Hormuz bogazyndan daşary eksport üçin ibermäge mümkinçilik berer. Eýran Jask nebit terminalynda we 1000 kilometrlik turba geçiriji ulgamynda 2020-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda işe başlady.