FIFA 2020-nji ýylda futbola garanda, wideo oýunlaryndan has köp gazandy

FIFA 2020-nji ýylda futbola garanda, wideo oýunlaryndan has köp gazandy

2020-nji ýylda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) hakyky futbola garanda, wideo oýunlaryndan has köp girdeji gazandy diýip, games.mail.ru habar berýär. 2020-nji ýylyň jemi boýunça ol 266,5 mln dollar gazandy we girdejiniň köp bölegini brendiň beýleki kompaniýalar tarapyndan ulanylmagyndan aldy. Ýagny, ygtyýarnama gurama 158,9 mln dollar getirdi, FIFA seriýasynyň wideo oýunlary esasy girdeji çeşmesine öwrüldi.

«Ygtyýarnama hukuklary ugrunda esasy girdeji çeşmesi wideo oýunlary üçin brendleri ygtyýarnamalaşdyrmak boldy. COVID-19-dan güýçli zyýan çeken ykdysadyýetiň köp pudaklaryndan tapawutlylykda, wideo oýunlary pudagy pandemiýa has çydamly boldy. Futbol boýunça dünýä çempionaty FIFA eClub-dan, FIFA eChallenger seriýasyndan we FIFA eNations StayAndPlay oýunlaryndan başga-da, FIFA «FIFA eContinental Cup-y» hem üstünlikli işe girizdi. Şeýle-de, 2020-nji ýylda oýunçylar, klublar we milletler üçin çynlakaý meýdançany döretmäge gönükdirilen kibersport turnirleriniň täze brendi bolan FIFAe hödürlendi» – diýip, guramanyň wekili belledi.