Xiaomi täze «Poco X3 Pro» smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi täze «Poco X3 Pro» smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi «Samsung Galaxy A52» bilen bäsdeşlige ukyply täze «Poco X3 Pro» smartfonyny hödürledi. Täze model iň ýokary derejeli «Snapdragon 860» prosessory, kontaktsyz tölegler üçin NFC çipi, 6-8 gigabaýt RAM we 128-256 gigabaýt içerki ýat bilen enjamlaşdyryldy. Bu barada ufatime.ru habar berdi.

Enjamda 120 gers şekil täzeleme ýygylykly 6,67 dýuýmlyk «Full HD+» displeýi, 20 megapiksel durulykda öňdäki kamera, esasysy 48 megapiksel durulykly dört datçikli esasy kamera ornaşdyryldy. Gadjetiň özbaşdak işleýşini 5,160 milliamper-sagatlyk zarýad berilýän batareýa üpjün edýär.
Täze önümiň dünýäde 24-nji maýda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.