Beýik Britaniýa koronawirusyň pidalaryny hatyralady

Beýik Britaniýa koronawirusyň pidalaryny hatyralady

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary sişenbe güni koronawirus pandemiýasyndan bir ýylyň dowamynda ýogalan 150 müň töweregi watandaşlaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ilkinji milli karantiniň girizilmeginden bir ýyl geçensoň, günortan mejlis we birnäçe döwlet edaralary işini bes etdi, tutuş ýurt boýunça ybadathana jaňlary bolsa pandemiýanyň pidalarynyň hatyrasyna ýaňlandy diýip, TASS habar berýär.

Premýer ministr Boris Jonson koronawirusdan ýogalanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

“Soňky 12 aý hemmämiz üçin agyr boldy, men ýakynlaryny ýitirenlere tüýs ýürekden gynanç bildirýärin. Ilkinji karantiniň şu günki bir ýyllygy bize ýurduň taryhynda has agyr bolan geçen ýylyň jemini jemlemäge mümkinçilik berýär. Biziň hemmämiz halkymyzyň bu ýyl görkezen beýik ruhy güýjüni ýadymyzdan çykarmaly däldiris” – diýlip, hökümet baştutanynyň beýannamasynda aýdylýar. 

Belläp geçsek, Birleşen Korollygyň milli statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, geçen bir ýylyň dowamynda ýogalanlaryň sany 148 müňden geçdi. Tas 4,3 mln adamyň koronawirus üçin barlagy položitel bolup çykdy.