Maýk Taýson indiki söweşiniň senesini aýtdy

Maýk Taýson indiki söweşiniň senesini aýtdy

Boks boýunça agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson indiki söweşiň 29-njy ýa-da 31-nji maýda geçiriljekdigini aýtdy diýip, sportmail.ru habar berýär.


“Söweş maý aýynyň ahyrlarynda bolar. Munuň 29-njy ýa-da 31-nji maý bolmagy mümkin” – diýip, “BoxingScene” neşiri Taýsonyň sözlerini getirýär.
Söweşiji garşydaşynyň kim boljakdygyny aýan etmedi. Ýöne çeşmäniň maglumatlaryna görä, ol 58 ýaşly watandaşy Ewander Holifild bilen söweş barada gepleşikleri alyp barýar. Taýson bilen Holifild ringde iki gezek duşuşdylar – 1996-njy ýylda Ewander ýeňiş gazandy, bir ýyldan soň Taýson garşydaşynyň gulagyny dişländigi üçin diskwalifikasiýa edildi.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Maýk Taýson ýarym agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Roý Jons bilen söweşdi. Sekiz raund dowam eden söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
54 ýaşly Taýsonyň hasabynda professional boksda 58 söweşi bolup, olaryň 50-sinde ýeňiş gazandy, altysynda ýeňildi, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaba alyndy.