Germaniýa, Italiýa we Fransiýa «AstraZeneca» sanjymyny togtatdy

Germaniýa, Italiýa we Fransiýa «AstraZeneca» sanjymyny togtatdy

Germaniýa, Italiýa we Fransiýa öňüni alyş çäresi hökmünde AstraZeneca sanjymynyň ulanylmagyny togtatmak kararyna geldi. Bu karar Sputnik gullugy habar berdi.

Germaniýada ýurtdaky dermanlaryň dolanyşygy we hili boýunça jogapkär Erliha instituty bu dermany wagtlaýyn gadagan etmek barada maslahat berdi.
Italiýada iňlis-şwed dermanlarynyň sanjymynyň wagtlaýyn togtadylmagyny Derman serişdeleri gullugy (Aifa) girizdi.

"Bu karar beýleki Ýewropa ýurtlary tarapyndan girizilen edil şuňa meňzeş çärelere laýyklykda kabul edildi"-diýlip, düzgünleşdiriji beýanatda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem «AstraZeneca» sanjymlarynyň köpüsine wagtlaýyn embargo yglan etdi. Ol «AstraZeneca» sanjymynyň Fransiýada sişenbe gününe — Ýewropa Derman serişdelerini düzgünleşdirijiniň (EMA) bu dermany ulanmak barada karar berjek gününe çenli togtadylandygyny aýtdy.