Türkmenistanda tiz kömek gullugyny çagyrmak üçin «112» we «911» belgileri synag ediler

Türkmenistanda tiz kömek gullugyny çagyrmak üçin «112» we «911» belgileri synag ediler

Türkmenistanda tiz lukmançylyk kömegini çagyrmak üçin däp bolan «03» belgä derek «112» we «911» belgileri synagdan geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «03» belgi arkaly hassanyň ýerleşýän ýerini anyklamagyň mümkin däldigini nazara alyp, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu belgileri tejribede barlamagy teklip etdi. Döwlet Baştutany bu barada Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyna bagyşlanyp geçirilen ýygnakda belledi.
Ilata hödürlenilýän lukmançylyk kömeginiň görnüşlerini giňeltmek hem-de hilini ýokarlandyrmak baradaky meselä degip geçmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow «tiz kömek» gulluklarynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, näsaglardan gelýän jaňlara jogap bermegiň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň sanly görnüşde amala aşyrylmalydygyny aýtdy.
Hususan-da, «112-lik» belgä jaň edilende degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp bilýär, lukmançylyk edarasy bolsa hassahana ýerleşdirilenden soň hassanyň lukmançylyk ýazgylaryna elýeterlilik alyp biler.