Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergisi açyldy

Şu gün, 17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny hödürleýän bu serginiň açylyşy mynasybetli oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.

«Türkmen telekeçileri senagat we oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem hyzmatlaryň daşary ýurt bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga hem möhüm ähmiýet bermelidir. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikleri giň gerim bilen işe girizip, täze iş orunlaryny döretmelidir. Ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny, elektron söwdany ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmaga uly goşant goşmalydyr» - diýip, türkmen Lideri belledi.