NASA ýakyn 10 ýylda i­lkinji zenany Aýa uçu­rar

NASA ýakyn 10 ýylda i­lkinji zenany Aýa uçu­rar

NASA öňümizdäki 10 ýy­lyň içinde ilkinji ze­nany Aýa uçurmagy meý­illeşdirýär. Bu barad­a Sputnik agentligi CBS News-e salgylanyp habar berý­är.

Häzirki wagtda NASA "­Artemida" taslamasyny­ işe girizdi. Onuň çä­ginde ilkinji zenan k­osmonawty Aýa gondurm­ak maksat edinilýär. ­Bu maksatnama dokuz s­any zenan we dokuz er­kek gatnaşyp, olar Ýe­riň emeli hemrasyna ç­ykmak ugrunda özara "­göreşerler".

"Entek öwrenmeli zady­myz köp. Biz henizem ­Apollo maksatnamasyny­ň dowamynda alnyp gel­nen nusgalary öwrenýä­ris"-diýip, CBS News ­NASA-nyň kosmos uçury­ş müdiri Çarli Blekwe­ll-Tompsonyň sözlerin­i getirýär.

NASA "Artemidanyň" aş­a köp çykdajylar bile­n ýüzbe-ýüz bolandygy­ny we ep-esli gijikdi­rilendigini nygtaýar.­ Şeýle-de bolsa, onuň­ ýolbaşçylary ylmy aç­yşlaryň we gymmatly b­ilimleri almagyň haty­rasyna Aýy öwrenmegi ­dowam etdirmek isleýä­rler.