Sadyr Japarow Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Sadyr Japarow Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow ýakyn wagtda Özbegistana, Täjigistana, Hytaýa we Türkmenistana resmi saparlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň sözlerine salgylanyp, Sputnik Täjigistan agentligi habar berýär.

Brifingde eden çykyşynda, gyrgyz DIM-niň ýolbaşçysy Sadyr Japarowyň ýakynda boljak halkara saparlary barada belläp geçdi.

«Prezident indiki saparyny Özbegistana amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Sapar 11-12-nji marta bellenen» - diýip DIM-niň ýolbaşçysy aýtdy.

Kazakbaýewiň aýtmagyna görä, Japarow şeýle hem goňşy Hytaýa, Täjigistana we Türkmenistana sapar bilen barmagy meýilleşdirýär.
Mundan öň, S.Japarow Russiýa we Gazagystana saparlary amala aşyrdy.