Ispaniýada pyrtykaldan elektrik energiýasyny almagy öwrendiler

Ispaniýada pyrtykaldan elektrik energiýasyny almagy öwrendiler

Ispaniýanyň “Emasesa” suw üpjünçilik kompaniýasy pyrtykallardan elektrik energiýasyny öndürmek boýunça taslamany işe girizdi diýip, osnmedia.ru habar berýär.

Gürrüň bu miwäniň iýip bolmaýan ajy görnüşi barada gidýär. Sewilýada şeýle agaçlaryň, takmynan, 50 müňüsi bar. 
Kompaniýanyň daşky gurşaw bölüminiň ýolbaşçysy pyrtykalyň ezilýändigini we netijede, 50% şire suwunyň we 50% galyndynyň (gabygy we ýumşak eti) alynýandygyny aýtdy. Şiräniň düzümindäki şekerden energiýa öndürmek üçin ulanylýan ýokary metan düzümli gaz alynýar. Hünärmeniň aýtmagyna görä, energiýa öndürmek üçin köp mukdarda şeker we uglerod saklaýan önümler gerek.
2020-nji ýylda Emasesa pyrtykal bilen bagly taslamasyny işe girizdi. Şonda ol bu miwäniň 2-3 tonnasyny ulandy. Bu ýyl 50 tonna ulanmak meýilleşdirilýär.
50 tonna pyrtykaldan günde ýüz ýaşaýyş jaýy tarapyndan sarp edilýän energiýany öndürmek bolýar. Ýöne onuň bilen öýleri üpjün etmek meýilnamasy ýok, şire suwunyň kömegi bilen alynýan “pyrtykal energiýasyny” hapa suwlary arassalamak boýunça zawodda, gabygyny we etini bolsa oba hojalyk ekinleriniň topragyny dökünlemek üçin kompost öndürmekde ulanýarlar.