Serdar Azmun karýerasyny “Sewilýada” dowam edip biler

Serdar Azmun karýerasyny “Sewilýada” dowam edip biler

Sankt-Peterburgyň “Zenit” klubunyň we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun karýerasyny Ispaniýanyň çempionatynda dowam etdirip biler. “Sewilýa” hüjümçä gyzyklanma bildirýär diýip, “Estadio Deportivo” gazeti habar berýär. Muny svpressa.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Andalusiýa kluby hüjümçisi Ýussef En-Nesiriň gitmegi bilen baglylykda, täze hüjümçini gözleýär. Klub eýýäm 26 ýaşly eýranly hüjümçiniň tarapy bilen habarlaşdy. “Sewilýa” geçen transfer penjiresinde hüjümçi liniýasyny güýçlendirmedi, üstesine-de, Karlos Fernandes topardan gitdi.
Öň, Serdar Azmunyň şu möwsüm tamamlanandan soň, “Zenitden” gitjekdigi habar berildi. Serdar Azmun bu klubda 2019-njy ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol iki gezek Russiýanyň çempiony boldy (2019, 2020). Azmunyň “Zenit” bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Ispanlaryň töläp biljek bahasynyň 20 mln ýewrodygy hem bellenilýär. 
Ýatlap geçsek, häzirki wagtda eýranly hüjümçi RPL-iň häzirki möwsüminde bombardirleriň ýaryşynda birinji orny eýeleýär, onuň hasabynda 11 girizilen pökgi bar. Transfermarkt ony 23 mln ýewro bilen bahalandyrýar.