UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ýubileý pökgüsini hödürledi

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ýubileý pökgüsini hödürledi

Adidas kompaniýasy Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda toparlaryň 1/8 tapgyrdan başlap oýnajak pökgüsini resmi taýdan hödürledi. Pökgi çal we gara reňklerden taýýarlanyldy diýip, bobsoccer.ru habar berýär.

Pökginiň ady “Finale Istanbul 21” bolup, ol meşhur “ýyldyz” dizaýnynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýar.

“Finale Istanbul 21” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň öňki 20 finalyndaky ähli dizaýn elementlerini özünde jemleýär we geçmiş bilen häzirki güni bir kuwwatly pökgä birikdirýär. Finallaryň geçen şäherleriniň we ýyllarynyň bellikleri bolan inçejik gyzyl çyzyklar pökginiň ýüzüni bezeýär” – diýlip, UEFA-nyň resmi saýtynda neşir edilen metbugat relizinde aýdylýar. 

Çempionlar ligasynyň finaly 2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Stambulda (Türkiýe) geçiriler. Çempionlar ligasynyň baýragynyň häzirki eýesi “Bawariýadyr”.