Dubaýyň muzeýinde dünýäde iň uly doly hereketlendirijili awtomobil peýda boldy

Dubaýyň muzeýinde dünýäde iň uly doly hereketlendirijili awtomobil peýda boldy

BAE-de Off Road History Museum muzeýinde täze eksponat – dünýäde iň uly 4x4 awtomobili, ähli ýerde hereket etmäge ukyply amerikan LARC LX peýda boldy. Awtomobiliň göwrümi uzynlygyna 19,1 metr, ini 8,1 metr we beýikligine 5,9 metr diýip, tarantas.news habar berýär.

Doly hereketlendirijili amfibiýalar LARC LX 2001-nji ýyla çenli ABŞ-nyň ýaragly güýçlerinde boldular we söweş hereketlerine gatnaşdylar.
Bu hili ulag serişdesiniň agramy 230 tonna çenli ýetip bilýär: öz agramy 100 tonna we ýük göterijilik ukyby 130 tonna. Awtomobiliň platformasyna, mysal üçin, 200-e çenli esger, deňiz konteýneri ýa-da tank ýerleşýärdi. Awtomobil diňe gury ýerde däl, suwda hem hereket edip bilýär. Onuň gury ýerde iň ýokary tizligi 32 km/sag, suwda 12 km/sag. Ätiýaçlyk ýoly gury ýerde 240 kilometre, suwda 120 kilometre ýetýär.
LARC LX her biriniň kuwwaty 269 at güýji bolan dört sany GM dizel motorlary bilen işleýär. Ol duran ýerinden diýen ýaly öwrülip, 60 gradus ýapgyda çykyp bilýär. Ol ortaça sagatda 140 litr dizel ýangyjyny sarp edýär. Arap muzeýiniň ýygyndysyna giren nusga ABŞ-da tapyldy. Ilkibaşda bu LARC LX ýaramaz ýagdaýdady, ýöne geçen ýyl awtomobil doly dikeldildi we daşary ýurda iberildi.