Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ministrine berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ministrine berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri Şamyradow Atageldi Aşyrowiçe berk käýinç yglan etdi.

Degişli Buýruga Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça şu gün geçiren iş maslahatynda gol çekdi.
Türkmen Lideri geçen ýyl Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenendigini, ýöne bu şanly sene mynasybetli hem netijeli medeni çäreler talabalaýyk guralmandygyny, ugurdaş edaralarynyň ýagdaýy, maddy-enjamlaýyn hünärli işgärler bilen üpjünçiligi hem örän ýaramaz derejede bolmagynda galýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ministrine ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi soňky gezek duýdurdy.