Salah Afrika boýunça onýyllygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi

Salah Afrika boýunça onýyllygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) Afrika boýunça onýyllygyň iň gowy üç oýunçysyny mälim etdi. Bu barada matchtv.ru habar berdi.

“Liwerpulyň” hem-de Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah Afrika boýunça onýyllygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Ikinji ýeri onuň senegally topardaşy Sadio Mane eýeledi. Üçünji ýerde bolsa “Mançester Sitiniň” hem-de Alžiriň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Riýad Mahrez ýerleşdi.
Reýtinge Afrika Futbol Konfederasiýasynyň ýurtlarynyň 2011-2020-nji ýyllar aralygyndaky iň gowy futbolçylary girdi.