Berlin film festiwalynyň emin agzalary mälim boldy

Berlin film festiwalynyň emin agzalary mälim boldy

Berlin film festiwaly halkara emin agzalaryny - “Altyn aýy” baýragynyň şu ýylky ýeňijilerini saýlajak düzümini yglan etdi. Bu barada festiwalyň web sahypasyna salgylanyp, daily.afisha.ru habar berdi.

Emin agzalarynyň düzümine eýranly režissýor Muhammet Rasulof, ysraýylly Nadaw Lapid, rumyniýaly Adina Pintili, italiýaly Janfranko Rozi, bosniýaly režissýor Ýasmila Žbaniç we wengriýaly režissýor Ildiko Enýedi dagy girýär.
Rasulof 2020-nji ýylda "Bu ýerde erbetlik ýok" filmi bilen, Lapid - 2019-njy ýylda "Sinonimler" filmi bilen, Pintili bolsa 2018-nji ýylda "Öýkelek" filmi bilen Berlinaleniň baş baýragyny alypdy. 2016-njy ýylda Rosiniň “Otly deňiz” filmi, 2006-njy ýylda Žbawniçiň režissýorlyk eden "Grbawitsa" we 2017-nji ýylda Enýediniň “Jan bilen ten barada” filmi festiwalda tapawutlanypdy.
Ýene bir bellemeli zat - bu ýyl emin agzalary toparynyň başlygy bolmaz.
Guramaçylar 71-nji Berlin film festiwalyny pandemiýa sebäpli ýatyrmazlyk kararyna geldiler, ýöne onuň senesini yza süýşürdiler we gurluşyny üýtgetdiler.