17 ýaşly Oliwiýa Rodrigonyň ilkinji aýdymy birbada birnäçe rekord goýdy

17 ýaşly Oliwiýa Rodrigonyň ilkinji aýdymy birbada birnäçe rekord goýdy

Amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigo 8-nji ýanwarda internet torunda ýaýran "Drivers License" atly ilkinji aýdymy bilen birbada birnäçe aýdym-saz rekordyny goýdy. Bu aýdym häzire çenli şu ýyl çykan iň köp diňlenilýän aýdym bolmagyny dowam etdirýär. Bu barada PopcornNews habar berýär.

Şeýlelik bilen, kompozisiýa iki hepdeden hem az wagtyň içinde ýöriteleşdirilen hyzmatlarda 138 milliondan gowrak strim gazandy. 11-nji ýanwarda Rodrigo Spotify-da rekord goýdy: aýdym bir günde 15 million gezek diňlenildi we munuň özi hyzmatyň taryhynda iň uly netijedir. Şeýle-de bolsa, ertesi gün ol öz rekordyny özi täzeledi we bir günde 17 million gezek diňlenildi. Aýdym hyzmatyň başga-da bir  rekordyny täzeledi: "Drivers License" bir hepdäniň içinde 65 million gezek diňlendi we öňki netije Bäd Banniniň we Jeý Korteziň 44 million gezek diňlenen Dakiti aýdymyna degişlidi.
Mundan başga-da, Oliwiýa Rodrigo Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Irlandiýa we Gollandiýa boýunça sanawda birinji orny eýeledi, şeýle hem Germaniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Çehiýa, Slowakiýa we Şweýsariýa boýunça ilkinji onluga girdi. Aýdymyň wideosy çykandan bäri 50 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi.
Tankytçylar "Drivers License" kompozisiýasyny Lordyň, Billi Aýlişiň we Teýlor Swiftiň eserleri bilen deňeşdirýärler. Ýeri gelende bellesek, Rodrigo Teýlor Swifti özüne görelde hasaplaýar.