LG smartfon bazaryny terk edýär

LG smartfon bazaryny terk edýär

LG 2021-nji ýylda mobil smartfonlar bölümini ýapmak kararyna geldi. Kompaniýanyň baş direktory Kwon Bong-Sok öz işgärlerine smartfon bazaryndaky bäsdeşligiň aşa güýçlenendigini, şonuň üçin şeýle kyn karar kabul etmeli bolandygyny aýtdy.

Häzir LG smartfonlaryň önümçiligini doly ýapmak, satmak ýa-da işiň diňe az bölegini galdyrmak ýaly birnäçe mümkinçiligi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň wekilleri “The Verge” habar gullugyna entek gutarnykly karara gelmändiklerini aýtdylar.
LG-niň mobil ugry soňky bäş ýylda diňe ýitgilere sebäp boldy we bu döwürde kompaniýa täjirçilik taýdan üstünlikli bir smartfon çykaryp bilmedi. Häzirki wagtda LG dünýädäki iň uly smartfon öndürijileriniň onlugyna girmeýär. 2020-nji ýylda kompaniýa bary-ýogy 7,2 million smartfon çykardy, esasy bäsdeşler bolsa şonça smartfony birki hepdäniň içinde satýarlar. Emma 2014-nji ýylda LG Xiaomi bilen deňräk we Huawei-den birneme yzda 70 milliona golaý smartfon satýardy.
Şol bir wagtyň özünde, LG 2021-nji ýylda birnäçe smartfon çykarmaga mümkinçilik tapyp biler. CES 2021 sergisinde kompaniýa myş-myşlara görä mart aýynda satuwa çykaryljak “LG Rollable” rulonly displeýini bildiriş etdi.