Alymlar adamlaryň aglabasynyň almany nädogry iýýändikleri barada netijä geldiler

Alymlar adamlaryň aglabasynyň almany nädogry iýýändikleri barada netijä geldiler

Awstriýadaky Graz Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary adamlaryň köpüsi almany nädogry iýýärler diýen netijä geldiler. Bu barada Sputnik agentligi habar berdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, almanyň düzüminde köp mukdarda, has takygy almanyň her gramynda ýarym million töweregi peýdaly bakteriýalar bar. Alymlar bu mikroorganizmleriň adam bedenine, esasanam, aşgazan-içege ulgamyna oňyn täsir edýändigini öňe sürýärler.
Ylmy barlagyň dowamynda Tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bu peýdaly mikroorganizm-probiotikleriň, takmynan, 90%-iniň almanyň özeninde ýerleşýändigi barada netijä geldiler.
Ylmy barlagçylar bu miwäniň galan bölegini zyňman, bedene has peýdaly bolmagy üçin ony özeni bilen iýilmelidigini belleýärler.