Nurmagomedow bir hepdeden karýerasyny dikeltmek barada karara geler

Nurmagomedow bir hepdeden karýerasyny dikeltmek barada karara geler

Ýeňil agramda Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) çempiony Habib Nurmagomedow promouşeniň ýolbaşçysy Deýna Uaýta UFC-257 turnirinden soň karýerasyny dikeltmek barada karara geljekdigini aýtdy. Bu barada vesti.ru belläp geçýär.

15-nji ýanwarda Nurmagomedow bilen Uaýt Abu Dabiniň “Söweş adasynda” duşuşyk geçirdi. UFC-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Habib garyşyk başa-baş göreşe dolanyp biljekdigi baradaky pikiri inkär etmedi.

“Habib indiki hepdede Porýe – Makgregor we Huker – Çendler söweşlerine tomaşa etmekçidigini aýtdy. Eger-de bu ýigitler haýran galdyryjy zat görkezseler we Nurmagomedowy dolanmaga mejbur etseler, ol söweşer” – diýip, Uaýt ABC teleýaýlymynyň efirinde aýtdy.
“Häzir Habib dünýäde iň gowy söweşiji, onuň soňky çykyşy karýerasyndaky iň gowusy boldy. Oňa pikirlerini jemlär ýaly biraz wagt gerek. Eger-de geljek hepdede söweşler meniň pikir edişim ýaly gowy bolsa, onda biz Habibiň ýene hereketdedigini göreris”.

Ýatlap geçsek, UFC 257 turniri 24-nji ýanwarda Abu-Dabide geçiriler. Irlandiýaly Konor Makgregor bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasyndaky söweş bu turniriň esasy wakasy bolar. Şeýle-de, bu agşam täze zelandiýaly Den Huker bilen amerikaly Maýkl Çendler söweşer.