Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esse ýokarlandy

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esse ýokarlandy

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryndan bäri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 300% ýokarlandy. Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bu barada IRNA agentligine habar berdi.

“Söwda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli ýapylan serhet gümrük nokatlary açylandan soň gaýtadan dikeldildi” – diýip, eýran diplomaty IRNA-nyň žurnalistlerine habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bu döwürde Eýran-Türkmenistan awtomobil we demir ýollary boýunça eksport hem-de import ep-esli ýokarlandy.
Türkmenistan we Eýran Hazar deňzinde serhetleşýär we gury ýer araçägine eýedir. Eýran Türkmenistan üçin iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.