Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze işe başlan ilçisini kabul etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze işe başlan ilçisini kabul etdi

7-nji ýanwarda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Taraplar halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, dünýä giňişliginde, şol sanda iri abraýly guramalarynyň we sebit düzümleriniň binýadynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha berdiler.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň döwletara türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejesine çykarandygyny, şunlukda, birnäçe möhüm ugurlarda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk mümkinçilikleriň dörändigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Bilelikdäki türkmen-koreý işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýandygy bellenildi.