Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistan Gruziýa 40 müň tonna awiakerosin eksport etdi

Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistan Gruziýa 40 müň tonna awiakerosin eksport etdi

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 11 aýynda Gruziýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän reaktiw ýangyjyň 40 müň tonnadan gowragyny eksport etdi. Munuň özi Gruziýanyň awiakerosin importynyň umumy möçberiniň 80%-ne deň boldy, diýlip Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň saýtynda habar berilýär.

Netijede, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyldan bäri, Gruziýa awiasion ýangyjyny eksport edijileriň arasynda öňdeligi saklap, bu babatda Türkiýe, Rumyniýa we beýleki döwletler bilen bäsleşýär.
Şeýle hem Gruziýada TNGIZT-de öndürilýän beýleki nebit önümleri hem durnukly islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan Gruziýanyň bazarlaryna 93 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini we dizel ýangyjy iberildi.