Aşgabatda iki sany awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme girizildi

Aşgabatda iki sany awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme girizildi

"Türkmenawtoulaglary" agentligi ilatymyzyň awtobus gatnawlaryna, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugrunda,​ şeýle hem 54-nji “Wokzal – Bagyr” awtobus ugrunda käbir üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berýär.

37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugry boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar we Kemine köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – G.Ezizow köçesi – Oguzhan köçesi – Garaşsyzlyk şaýoly – Arçabil şaýoly – Ata Türk köçesi – Arçabil şaýoly – 1970 — Kardiologiýa merkezi boýunça hereket eder;
yzyna bolsa, Arçabil şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly boýunça hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär. 
54-nji “Wokzal – Bagyr” ugry boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar we Kemine köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçesi – Güneş köçesi – N.Ataýew köçesi – Parahat köçesi – A.Jallyýew köçesi – Ýeňiş köçesi - G.Öwezow  köçesinden aýlanyp, yzyna G.Öwezow köçesi – A.Jallyýew köçesi – Parahat köçesi – Görogly köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefonlary: 44-33-90, 44-33-91.