ÝUNISEF ýylyň ilkinji gününde dünýäde täze doguljak çagalar barada maglumat berdi

ÝUNISEF ýylyň ilkinji gününde dünýäde täze doguljak çagalar barada maglumat berdi

2021-nji ýylyň gelmegi bilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) 1-nji ýanwarda Ýer ýüzünde täze çagalaryň dünýä gelmegini belleýär.

“Bu biziň ählimiz üçin agyr ýyl boldy, ähtimal, sahypany agdarmagyň iň gowy usuly dünýä gelen täze ömürleri garşylamakdyr. 2020-nji ýyldaky kynçylyklaryň geçendigini, 2021-nji ýylyň mümkinçilikleriniň bolsa heniz öňdedigini nazara alsak, iň gowy dünýäni gurmagyň wagty geldi. Şu gün dünýä inen çagalar biziň olar üçin şu gün gurup başlaýan dünýämizi miras alarlar” – diýip, ÝUNISEF-iň wekili Kristing Weýgand aýdýar.

Guramanyň hasaplamagyna görä, 1-nji ýanwarda tutuş dünýäde 371 müň 504 çaga dünýä iner. Bu çagalaryň ýarysyndan gowragy 10 ýurtda dünýä iner: Hindistan (59 995), Hytaý (35 615), Nigeriýa (21 439), Pakistan (14 161), Indoneziýa (12 336), Efiopiýa (12 006), Birleşen Ştatlar (10 312), Müsür (9455), Bangladeş (9236) we Kongo Demokratik Respublikasy (8640).
ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanda täze ýylyň birinji gününde 410 çaganyň dünýä inmegine garaşylýar. Bu görkeziji umumy möçberiň 0,11%-ini emele getirer.
2021-nji ýylda ÝUNISEF-iň döredilmeginiň 75 ýyllygy hem belleniler. ÝUNISEF we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan şu ýylyň dowamynda dürli çäreler guralar.