Iňlis premýer-ligasy koronawirus sebäpli möwsümi togtatmaz

Iňlis premýer-ligasy koronawirus sebäpli möwsümi togtatmaz

Iňlis futbol premýer-ligasynyň ýolbaşçylary koronawirus sebäpli möwsümi togtatmaz we beýle zady meýilleşdirmeýär. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

"Ewerton"-"Mançester Siti" we "Tottenhem"- "Fulhem" duşuşyklary klublarda koronawirus ýokuşmasynyň ýüze çykmagy sebäpli şu hepde yza süýşürilmeli boldy.

"Ýokary liga möwsümi togtatmak baradaky meselä seretmedi we beýle zat meýilleşdirilmeýär. Oýunlaryň tertipnama laýyklykda geçirilip bilinmegi üçin Liga özüniň COVID-19 boýunça protokollaryna bil baglaýar, bu protokollar bolsa, öňküsi ýaly, hökümetiň doly goldawyndan peýdalanýar" diýlip, ýaryşyň öz web sahypasynda beren beýanatynda aýdylýar.

"Oýunçylaryň we işgärleriň saglygynyň ileri tutulýandygy üçin liga hem klublaryň protokollara we düzgünlere eýermegini doly goldaýar"-diýlip, beýanatda bellenilýär.