Çimaýew bilen Edwardsyň arasyndaky söweş ýatyryldy

Çimaýew bilen Edwardsyň arasyndaky söweş ýatyryldy

Asly çeçen şwesiýaly söweşiji Hamzat Çimaýew bilen britaniýaly türgen Leon Edwardsyň arasyndaky söweşiň bolmajakdygy habar berilýär diýip, ctnews.ru belläp geçýär. UFC-niň 20-nji ýanwarda geçiriljek turnirine meýilleşdirilen söweş birinji gezek ýatyrylanok.

Bu söweş Abu-Dabidäki “Söweş adasynda” geçiriljek turnirde esasy bolmalydy. Geçirilmedik söweş 19-njy dekabrda Las-Wegasda meýilleşdirildi. Ýöne Edwards koronawirus bilen keselledi.
Indi şwesiýaly türgen 20-nji ýanwarda çykyş edip bilmez. Hamzat Çimaýewiň söweşip bilmeýändiginiň sebäbi heniz belli däl.
Ýatlap geçsek, Çimaýewiň hasabynda MMA-da 9 ýeňşi bolup, ýekeje-de ýeňlişi ýokdur. UFC-de ol üç gezek söweşdi, ählisinde-de ýeňiş gazandy. Soňky söweşde ol Edmen Şahbazýany nokauta gidirdi. Ýarym orta agramyň reýtinginde ol 15-nji orny eýeleýär. Edwards karýerasynda 18 gezek ýeňiş gazandy we üç gezek ýeňildi. Geçen söweşinde ol Rafael dos Anýosy ýeňdi.