Türkiýe 2021-nji ýylda sanly walýutany synagdan geçirip başlar

Türkiýe 2021-nji ýylda sanly walýutany synagdan geçirip başlar

Türkiýede 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda milli sanly walýutanyň (CBDC) barlag synaglary başlar. Bu barada merkezi bankyň başlygy Naji Agbal mälim etdi diýip, bin.ua habar berýär.

“Sanly pul boýunça ylmy-barlag we tejribe-synag taslamasyna girişildi. Häzirki wagtda onuň konseptual tapgyry tamamlandy. Barlag synaglaryny 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlamagy meýilleşdirýäris" - diýip, ol Türkiýäniň Milli mejlisiniň meýilleşdiriş we býujet komiteti bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Sentýabryň başynda Türkiýe Merkezi Bankynyň Maliýe innowasiýalarynyň Baş müdirliginiň sanly pul boýunça gözleg we barlag topary üçin on hünärmeni işe almak üçin mahabat ýerleşdiripdi. Onda dalaşgärlere petiklemek, uly maglumatlar, kriptologiýa, konteýner wizuallaşdyrmak, maliýe matematikasy we sanly signallary gaýtadan işlemek ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi duýdurylypdy.
2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hökümete 2020-nji ýylda sanly liranyň barlag synaglaryny tamamlamagy tabşyrypdy.