Mejlisiň Başlygy RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

Mejlisiň Başlygy RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda 28-nji dekabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda W.Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň parlamentleriň derejesindäki aragatnaşyklary ösdürmäge berýän ägirt uly ähmiýeti netijesinde, bu gün GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň çäklerinde özara ýakyn gatnaşyklar amala aşyrylýar.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak barada pikir aýtdylar hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.