Ronaldu dünýäniň iň m­eşhur türgenleriniň s­anawynda birinji ýeri­ eýeledi

Ronaldu dünýäniň iň m­eşhur türgenleriniň s­anawynda birinji ýeri­ eýeledi

Ranker portalynyň ulanyjylary ses bermek arkaly dünýäniň iň meşhur türgenlerininiň reýtingini düzdüler. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Şu habaryň portalda çap edilen mahaly sanawyň başyny "Ýuwentusyň" ýyldyz hüjümçisi Kriştianu Ronaldu çekýärdi. Ikinji setirde "Barselonanyň" kapitany argentinaly Lionel Messi ýerleşýärdi. Üçünji orny bolsa sekiz gezek Olimpiýa çempiony Usein Bolt  eýeledi.
Şeýle hem ilkinji bäşlige şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer we UFC-niň öňki çempiony Konor MakGregor girdi.