Toyota 2021-nji ýyla çenli 10 minutda doly zarýad alýan elektrik awtoulagyny görkezer

Toyota 2021-nji ýyla çenli 10 minutda doly zarýad alýan elektrik awtoulagyny görkezer

Ýaponiýanyň Toyota korporasiýasy 2021-nji ýyla çenli 500 km ýol geçijilik ätiýaçlygy bolan we bary-ýogy on minutda doly zarýad alýan elektrik ulaglary üçin ilkinji gaty batareýasyny  tanyşdyrar. Bu barada newinform.com habar berýär.

Täze tehnologiýanyň adaty litiý-ion batareýalarynda işleýän elektrik ulaglarynda ýüze çykýan kemçiliklerden gutulmagyň çykalgasy bolup biljekdigi habar berildi. Bärde gürrüň bu ulaglaryň juda gysga ýol geçijiligi, şeýle hem zarýad beriş wagty barada barýar.
“Toyota-nyň" täze gaty batareýasy markany bäsdeşlerinden öňe geçirip, elektrik awtoulag bazarynda öňdebaryjy bolmaga mümkinçilik berer. Ýapon öndürijisiniň geljekde döretjek täzelikleriniň hemmesi batareýanyň göwrümini saklamak bilen, litiý-ion batareýalarynda beýleki awtoulaglardan azyndan iki esse köp ýol geçijilik ätiýaçlygyna eýe bolar.