Ewerest dagy 86 santimetr ösdi

Ewerest dagy 86 santimetr ösdi

Hytaý bilen Nepal Ewerest dagynyň beýikligi barada iň täze maglumatlary mälim etdiler diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

“Prezident Si Szinpin we Nepalyň prezidenti Bidhýa Dewi Bhandari hat alyşdylar we bilelikde Ewerestiň soňky hasaba alnan beýikliginiň 8 848,86 metrdigini yglan etdiler” – diýlip, telewideniýäniň habarynda aýdylýar.

Hytaý Ewerestiň beýikligini iki gezek – 1975-nji we 2005-nji ýyllarda ölçedi. 1975-nji ýylda dagyň beýikligi 8 848,13 metre barabardy. 2005-nji ýylda hytaý derňewçileri beýikligi 8 844,43 metr bolan Ewerestiň iň ýokary depesini we gar hem-de buz örtüginiň çuňlugyny (3,5 metr) aýratyn ölçediler. Nepal dagyň beýikligini gar örtgüsi bilen bile ölçemeli diýip hasaplady we 2010-njy ýylda ýurtlar Nepalyň ölçeg ýörelgesini ulanmaga razy boldular.
Täze maglumatlara laýyklykda, Ewerest tas üç fut ýa-da 86 santimetr beýgeldi. Alymlar geljekde bu belligi ýene ýokarlandyrmaly boljakdygyny çaklaýarlar, sebäbi Ewerest tektoniki plitalaryň hereketi sebäpli ýylda 4 mm ösmegini dowam etdirýär.
Belläp geçsek, 2015-nji ýylyň 25-nji aprelinde Nepalda 7,9 bal ululykda güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Takmynan, iki hepde soň ýurtda 7,3 bal ululykda täze ýer titremesi boldy. Şondan soň Jomolungumanyň beýikliginiň (Nepalda Ewerest şeýle atlandyrylýar) 2,5 santimetr peselendigi habar berildi.