“Mançester Ýunaýtediň” hemaýatkäri Ronaldunyň transferini maliýeleşdirmäge taýýar

“Mançester Ýunaýtediň” hemaýatkäri Ronaldunyň transferini maliýeleşdirmäge taýýar

Iňlis futbol kluby “Mançester Ýunaýtediň” baş hemaýatkäri bolan Chevrolet kompaniýasy “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň transferi üçin pul bölüp bermäge taýýar. Bu barada “Auto Esporte” neşirine salgylanmak bilen rsport.ria.ru habar berýär.

Neşiriň belleýşi ýaly, kompaniýa Ronaldunyň transferiniň maliýe nukdaýnazaryndan peýdaly bolmagyna garaşýar. Kompaniýada Ronaldunyň geçmeginiň “Ýuwentusyň” baş hemaýatkäri we Chevrolet-iň bäsdeşi bolan Jeep kompaniýasyna ep-esli girdeji getirendigi bellenilýär.
Şeýlelikde, kompaniýa “Ýuwentusda” ýylda 31 million ýewro gazanýan 35 ýaşly portugaliýalynyň şertnamasyny maliýeleşdirmäge kömek etmäge taýýar. Mundan ozal, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Mançester Ýunaýtediň” şu möwsüm gutarandan soň Ronalduny yzyna gaýtarmaga taýýardygyny habar berdiler.
Ronaldu 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtedde” oýnady, soň Madridiň “Realyna” geçdi. 2018-nji ýylda Ronaldu “Ýuwentus” bilen dört ýyllyk şertnama baglaşdy. “Ýunaýtediň” düzüminde ol Angliýanyň üç gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.