Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidenti ýene-de bir kitaby ýazyp, tamamlady. Bu kitap «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyryldy. Bu barada döwlet Baştutany Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.
Halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de öz taryhynyň bütin dowamynda emele gelen iň bir kyn meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.
Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Men bu aýdylanlaryň ählisini şol kitapda beýan etmäge, türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalyşdym diýip, döwlet Baştutany belledi.
Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.