«Dem al - demiňi goýber»: horlanmagyň ýapon usuly

«Dem al - demiňi goýber»: horlanmagyň ýapon usuly

Horlanmagyň iň çalt we ýönekeý usuly hökmünde, köplenç, şu iki zat salgy berilýär: ýa-ha ýag ýakyjy agyr türgenleşikler üçin gymmat bahaly sport zallaryna gatnamak ýa-da başlanyňyza bir sagat geçmänkä içiňi jugurdadýan gözgyny berhiz.

Eger-de bu usullaryň ikisinden hem ýadan bolsaňyz, cursorinfo.co.il horlanmagyň ýapon dem alyş usulyny maslahat berýär. Bu artykmaç agramy aýyrmaga kömek edýär.
Horlanmak berhizi diýlip atlandyrylsa-da, onuň iýmit bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Bar etmeli zat - demi üç sekundyň dowamynda ​​almak we ýedi sekundyň dowamynda goýbermek. Maşky günde diňe iki minutlap ýerine ýetirmeli.
Bu usulyň bar syry - siziň dem alşyňyzda. Dem alanyňyzda, kislorod ýag öýjüklerine birikýär-de, ony uglerod we suw görnüşinde dargadýar. Soňra ol demiňizi goýbereniňizde, kömürturşy gazy bolup çykyp gidýär.
Näçe köp dem alsaňyz, demiňizi goýbereniňizde şonça-da köp ýag ýakarsyňyz. Mundan başga-da, bu usul diňe bir horlanmaga kömek etmän, bedeniňiziň myşsalaryny güýçlendirip, maddalaryň alyş-çalşyny tijäp biler.
Iňlis lukmançylyk žurnalynda gözleg işinde bu amalyň her günde 200 grama çenli ýag ýakyp biljekdigi aýdylýar. Mundan başga-da, ýapon aktýory Miki Rýosuke maşkyň özüne birnäçe hepdäniň içinde 13 kilogram töweregi horlanmaga kömek edendigini belleýär.