La Ligada “Real” “Alawesden” ýeňildi

La Ligada “Real” “Alawesden” ýeňildi

“Realyň” oýunçylary Ispaniýanyň çempionatynyň 11-nji tapgyr duşuşygynda “Alawesden” ýeňildiler.

Madriddäki duşuşyk “Alawesiň” peýdasyna 2-1 hasabynda tamamlandy. “Alawesden” Lukas Perse (5-nji minut, jerime urgusyndan) we Hoselu (49-njy minut) derwezä gol girizdi. “Realyň” düzüminde Kazemiro (86-njy minut) tapawutlandy.
“Real” yzygider üçünji oýunda ýeňiş gazanyp bilmedi we turniriň häzirki ýaryşynda üçünji ýeňlişe sezewar boldy, “Alawes” ýeňilmedik tapgyryny bäş duşuşyga çenli artdyrdy.
17 utuk bilen dördünji orny eýeleýän “Real” indiki duşuşygyny 5-nji dekabrda “Sewilýa” bilen geçirer. 13 utuk bilen dokuzynjy orunda ýerleşýän “Alawes” bir gün soň “Real Sosýedady” kabul eder.