Koronawirusa garşy sanjymlar möhüm derman serişdeleriniň sanawyna girizildi

Koronawirusa garşy sanjymlar möhüm derman serişdeleriniň sanawyna girizildi

Koronawirusa garşy sanjymlar derwaýys we örän möhüm derman serişdeleriniň sanawyna girizildi, bu sanawdaky derman serişdeleriniň bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, premýer ministr Mihail Mişustin dermanlaryň 25 sany täze görnüşini, şol sanda koronawirusa garşy sanjymlary derwaýys we örän möhüm derman serişdeleriniň sanawyna girizýän karara gol çekdi.
Hökümetiň metbugat gullugy bu sanawdaky derman serişdeleriniň ýeňillikden peýdalanýanlara mugt berilýändigini, şonuň üçin bu sanawda dermanlar näçe çalt peýda bolsa, raýatlara has amatly boljakdygyny düşündirýär.
Habara laýyklykda, koronawirusa garşy sanjymlar örän möhüm derman serişdeleriniň sanawyna 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda, galan derman serişdeleri 2021-nji ýyldan giriziler.
Bu karar ýokary çykdajyly nozologiýalary bejermek üçin derman serişdeleriniň sanawyny giňeldýär. Ol örňän skleroz, gemofiliýa we Goşe keseli bilen kesellänler üçin zerur bolan dört sany täze derman serişdesini öz içine alar: bular taliglýuseraza alfa, okrelizumab, simoktokog alfa, emisizumab.
Şeýlelikde, möhüm derman serişdeleriniň sanawy 2021-nji ýyldan 788 derman serişdesine çenli giňeldiler.